Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bilel...
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geç...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GFR BILEN KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Bundestagynyň deputaty Peter Baýeriň ýolbaşçylygyndaky nemes wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredip geçdiler. Bu ugurda iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem tassyklanyldy. Saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, oba hojalyg...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝEWRAZIÝA ATLY SPORT ASSOSIASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Fe...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ FRANSIÝA SAPARY BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 4-5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar.
4-nji sentýabrda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Fransiýanyň Prezidentiniň Kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Buhswalter bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň başynda R.Meredow Türkmenistany...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
Ozal habar berlişi ýaly, şu günler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar.
Saparyň ilkinji gününiň çäginde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň "MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerine ýurdumyzyň ykdysad...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ YLYM-BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar.
W.Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp yly...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY SUKUBA UNIWERSITETINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara gatnaşyklaryň pugta...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ SUKUBA UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.
Myhman duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde Ýaponiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ FRANSIÝANYŇ IŞEWÜR TOPARLARY BILEN DUŞUŞYKLARY BARADA
Şu ýylyň 4-5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi.
Fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda, hususan-da, “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasy, «French Healthcare Association» birleşigi, «Coface» maliýe edaralary, «UBAF» Union de Banques Arabes et Françaises, «Société Générale CIB» we «Credit Agricole», «IB2C France» federasiýasy, «CIFAL International S...