Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler hem dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, owadan bezelen neşirler çap edilýär. Bu baýramçylyk wakalar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, birnäçe žurnallar, şol sanda, şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «MERKEZI AZIÝA + GERMANIÝA» GÖRNÜŞINDÄKI WEKILIÝETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Resp...
ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ФРГ
29 сентября 2023 года завершился рабочий визит Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова в Федеративную Республику Германия.
В рамках визита Председатель Халк Маслахаты Туркменистана провёл ряд важных встреч, как на двустороннем уровне, так и рамках формата глав делегаций государств Центральной Азии и ФРГ.
В ходе встречи глав делегаций в формате «Центральная Азия + Германия», прошедшем в формате делового завтрака под пред...
TÜRKMENISTAN WE GFR KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGY ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ UGRUNDA
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Ygtyýarly wekili Matias Lýuttenberg bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar we i...
TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-dipl...
В ГОРОДЕ АРКАДАГ ПРОШЁЛ МЕЖДУНАРОДНЫЙ МОЛОДЁЖНЫЙ ФОРУМ
2 октября 2023 года в городе Аркадаг в Международной академии коневодства имени Аба Аннаева состоялся Международный молодёжный форум «Диалог – гарантия мира», который был организован Правительством Туркменистана при активном участии офиса Постоянного координатора ООН в Туркменистане и Регионального центра ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии.
В работе мероприятия, прошедшего в гибридном формате, приняли участие молодые лидеры, активисты, студенты, предприниматели и новаторы из...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” form...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE AZERBAÝJANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler.
Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan b...
BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBIT ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Bütindünýä Banky Toparynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TASLAMALARY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň ýagdaý...