Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
Şu gün 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralaryň wekilleri iki ýurduň arasynda alnyp barylýan giň gerimli gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistan we Koreýa Respublikasy üçin köp ýyllyk dostlukly we ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklara daýaný...
“MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÇÄGINDE DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY BOÝUNÇA PRESS-RELIZ
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki mejlisi “Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk" atly tema bagyşlandy. Bu garaýyş foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýakyn geljek üçin hyz...
AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN ÇÄRELER
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty geçirildi.
Işewürlik maslahatynyň birinji sessiýasy, Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda ýaşlaryň telekeçilik işini döwlet tarapyndan goldanylmagynyň çärelerine bagyşlandy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri bu ugurda öz ýurtlaryndaky...
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ ARASYNDA “ÝOL KARTASYNA” GOL ÇEKILDI
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekişlik dabarasy geçirildi.
“Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegista...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryň ileri tutulýan we geljegi uly ugurlarynyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.
Ministrler iki döwletiň ýolbaşçylarynyň erki bil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi.
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Prezident Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuny kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan, iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Tü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýun...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza, şeýle hem hormatly Arkadagymyza Prezident Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostluk...