Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTAN BILEN UNOPS-YŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) köp ýurtly edarasynyň direktory Freýa fon Grooteniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara taslamalaryna hyzmat etmegiň çäginde UNOPS bil...
BMG-NIŇ DÖREDILMEGINIŇ 78 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräni açmak bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýa...
AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA — KOREÝA RESPUBLIKASY” WE “TÜRKMENISTAN — KOREÝA RESPUBLIKASY” IŞEWÜRLIK GEŇEŞLERINIŇ MEJLISLERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.
Wekilçilikli forumyň işine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekiliýetleri gatnaşdy.
Onda sebit derejesinde söwda-y...
TÜRKMENISTANYŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA MILLI ÝAŞLAR MASLAHATYNYŇ METBUGAT HABARY
Türkmenistanyň ýaş nesli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine goşant goşmaga taýýar
Aşgabat, Türkmenistan - 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry - Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçihanalary bilen hyzmatdaşlykda Howanyň üýtgemegi boýunça Milli ýaşlar maslahatyny gurady. 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen bu çäre Türkmenistanyň ýaşlaryna howa bil...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY TDG-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň işine şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, TDG-niň, TürkPA-nyň we TÜRKSOÝ-yň baş sekretarlary, Türki akademiýasynyň, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň, Türki maýa goýum gaznasynyň...
AŞGABAT ÝUNESKO-NYŇ DÖREDIJILIK ŞÄHERLERINIŇ TORUNA GOŞULDY
2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çözgüdine görä Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşuldy.
Mälim bolşy ýaly, bu ugurdaky başlangyçlar 2021-nji ýylda başlanylyp, Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň düzüm birlikleri, komitetleri we halkara hünärmenleri bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Bu ýyllaryň dowamynda Aşgabat dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan dünýäde owada...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda Gazagystanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine Gazagystana gelmek b...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Gazgystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşdy.
Şeýle hem sammite Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wikt...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy.
Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi...
TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ HÄZIRKI MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi
Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit guramalarynyň çä...