Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA KOMISSIÝASYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA KOMISSIÝASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.
M.Şinas Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi.
Prezident Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň öňde duran gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugu...
AŞGABATDA ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA DIALOG DOWAM ETDI
2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn saparlary we çäreleri guramak, nobatdaky “Ýe...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çäginde 2023-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan anyk işleriň netijeleri...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY
2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.
Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary b...
ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli kabul etdi.
Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bildirdiler.
Diplomatl...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÇUŇŇUR HORMATLANÝAN PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY ILKINJI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri we diplomatlar gatnaşyp, dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny barada belläp geçdiler. Şeý...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA «PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ÝYLYNYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Bu baýramçylyk çäresi, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan täze ýylyň Ukrainada geçirilen ilkinji çäresi boldy. Türkmen ýaşlary möhüm çärä taýýarlyk görüp, dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşulan şahyr-akyldar Magtymguly Pyragy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ DEPUTATLARY BILEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdyg...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ULAG-KOMMUNIKASIÝA EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYKLARY
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Taraplar sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňe...