Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ILATLY NOKATLAR BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNYŇ WEZIPESINI WAGTLAÝYN ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-HABITAT-YŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşyldy.
Gepleşikleriň çäklerinde tar...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidow ýolbaşçylyk etdiler.
Ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bel...
TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.
Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «AADHG + MA» STRATEGIK DIALOGYŇ IKINJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Taşkent şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy.
Forumyň işine Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän 6 döwletiň – Saud Arabystan Patyşalygynyň, BAE-niň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, sport, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çä...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MALAÝZIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.
Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, özara söwdany we m...
TÜRKMENISTANDA ANGOLA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz nobatynda, dostlukly döw...
PÄKISTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.
Ministr Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy.
Öz gezeginde Ilçi umumy bähbitlere we maksatlara gabat gelýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mun...
ANGOLA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Angola Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (ýaşaýan ýeri Moskwa ş.) Auguştu da Silwa Kunýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow Ilçini ýokary wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa üstünlikler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde rowaçlyklar arzuw etdi.
Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn syýas...