Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen salamyny, gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwle...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde i...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRE
Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainada akkredetirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň maşgala agzalarynyň klubynyň, Ukrain diplomatlarynyň maşgala agzalarynyň klubynyň we Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça Baş döwlet kärhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çäre geçirdi....
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/132489ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ MILLI TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiň geçirilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýe Respublikasynyň milli toparynyň başlygy Ojal Oguzyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýurtlaryň arasynda TÜRKSOÝ-yň we ÝUN...
TÜRKSOÝ-NA AGZA DÖWLETLERIŇ ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA MILLI TOPARLARYNYŇ MEJLISI
2024-nji ýylyň 16-njy maýynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherin...
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MEDENIÝET MINISTRLERI DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT
2024-nji ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi.
Bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk s...
ÝUNESKO-NYŇ ALMATY ŞÄHERINDÄKI SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda taryhy, medeni we tebigy mirasy gorap saklamak, ýaýratmak, bilim, sport we sanlylaşdyrmak ugurlarynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdü...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-ÝAPON DIM-LERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa boýunça býurosynyň baş direktorynyň orunbasary Masaki Ikegami ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanp...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleriniň derejesinde halkara maslahatynyň geçirilmeginiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň Prezidenti Saad Han bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sport pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy, medeni alyş-çalyş maksatnamalaryny utgaşdyrmagy we agza ýurtlaryň habarlar a...