Tapylan netije sany: 8961
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-gazak g...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARYNYŇ RUMYNIÝA SAPARY
2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rumyn tarapyna - Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Tinka ýolbaşçylyk etdi.
Ikitaraplaýyn gün tertibiniň syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady we medeni-bilim hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça çuň mazmunly we özara gyzyklanma bild...
TÜRKMENISTANYŇ WE ADNOC-YŇ WEKILLERI GAZ PUDAGYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ HÄZIRKI ÝAGDAÝY WE GELJEGI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz käni...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRAS KOMITETINIŇ 46-NJY MEJLISINE GATNAŞÝAR
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar.
Nobatdaky mejlisiň işine Bütindünýä miras komitetiniň 21 sany agza ýurtlaryň wekiliýetleri, şeýle-de 1972-nji ýylyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletlerden synçylar gatnaşýar.
Mejlisiň açylyş dabarasyna Hindi...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň derwaýys meseleleriň hatarynda energetika, ulag, aragatnaşyk we söwda pudaklarynda amala aşyrylýan bilelikdäki işlere garalyp geçildi.
Iň ýokary döwlet we hökümet derejelerinde amala aşyryljak saparlarda gol çe...
TÜRKMEN-PAKISTAN SYÝASY GEŇEŞMELERI WE SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri bo...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderl...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy hususan-da, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklarymyzy girizmek babatynd...