Tapylan netije sany: 8961
ALBANIÝA RESPUBLIKASYNYŇ, PORTUGALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WE FILLIPINLER RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Albaniýa Respublikasynyň Ýewropa ișleri we Daşary işler ministri Igli Hasani bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy b...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE USAID-IŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anžali Kauryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin we milli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ykdysady ösüş, metan zyňyndyla...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GRUZIN DILINDÄKI GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler beýik...
НА ПОЛЯХ ГЕНАССАМБЛЕИ ООН ОБСУЖДЕНЫ ПЕРСПЕКТИВЫ РАЗВИТИЯ СОТРУДНИЧЕСТВА МЕЖДУ ТУРКМЕНИСТАНОМ И НИКАРАГУА
30 сентября 2024 года в Нью-Йорке прошла встреча Министра иностранных дел Рашида Мередова с Министром иностранных дел Республики Никарагуа Вальдраком Людвигом Витакером.
В ходе встречи стороны рассмотрели уровень двусторонних связей между Туркменистаном и Никарагуа. Озвучена целесообразность налаживания механизма политических консультаций между внешнеполитическими ведомствами двух стран.
Стороны отметили значимость организации взаимных визитов на соответствующем уровне для продвижения ме...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPONIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Isikawa Masakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli ýokary derejedäki syýasy dialoga esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňelt...
TÜRKMEN TALYBY JIU-JITSU SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA UKRAINANYŇ KUBOGYNA MYNASYP BOLDY
Merkeziukrain Milli tehniki uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň raýaty Rustam Rahmankulow şu ýylyň 27-29-njy sentýabr aralygynda Ukrainanyň Günbatar sebitinde ýerleşýän Karpat diýen ýerinde geçirilen Jiu-Jitsu söweş sungaty boýunça Ukrainanyň kubogynda 1-nji baýraykly orna mynasyp bolup, altyn medal gazandy.
R.Rahmankulow 63 kilograma çenli agram derejesinde ajaýyp söweş tilsimlerini görkezdi we çempionatda Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, “Ýakyn galtaşma” (Close-Contact) kategoriýasynda...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlangyçlaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy.
Hazarüsti ulag geçelgesiniň Utgaşdyryjy platformasynyň (TMTM) işe goýberil...
TÜRKMENISTANYŇ WE POLŞANYŇ DIM-LERINIŇ DÜZÜM BÖLÜMLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň DIM-iň Ýewropa ýurtlary bölüminiň we Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy bölüminiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Polşanyň wekiliýetine Polşa Respublikasynyň DIM-iň Gündogar departamentiniň direktorynyň orunbasary Marek Salka ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝB-NIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KOMISSARYNY KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi.
ÝB-niň komissary wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant...
WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TÜRKMEN-ARGENTIN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky üçünji syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Gu...