Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA UKRAINANYŇ “BILIM” JEMGYÝETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA
2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri Andreý Gorçakow, Katerina Krawçuk we Olga Krawçuk dagylar bilen duşuşyk geçirildi.
Ukrainanyň “Bilim” jemgyýeti 1948-nji ýylda esaslandyrylyp, bu jemgyýet Ukrainada ylmy, bilimi we medeniýeti ýaýbaňlandyrmak boýunça özüniň köp ýyllyk tejribesi bilen iň uly jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.
A.Gorçakow jemgyýetiň düzüminde hususy uniwersitetiň hereket edýandigini, onda häz...
2024-2029-NJY ÝYLLAR ÜÇIN IAEA-NYŇ ÝURT BOÝUNÇA ÇARÇUWALY MEÝILNAMASYNY IŞLÄP DÜZMEK BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI
2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2024-2029-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň meýilnamalary dolandyrmak boýunça işgäri Emine Aliç hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyn...
ERMENISTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ý...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ DURNUKLY ENERGETIKA BÖLÜMINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ýaşyl we durnukly energetika, metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş...
ABŞ-NYŇ DÖWLET DEPARTAMENTINIŇ GÜNORTA WE MERKEZI AZIÝA IŞLERI BOÝUNÇA BÝUROSYNYŇ MERKEZI AZIÝA DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady ulgam, howanyň üýtgem...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-TÄJIK DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň birnäçe düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Sebitleýin we halkara gurluşlaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyk we özara goldaw bellenildi.
Diplo...
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ GEŇEŞÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.
Taraplar Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Gündogaryň aky...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ik...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «BRICS GOŞMAK»/«AUTRIÇ» FORMATYNDAKY XVI BRICS SAMMITINE GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady.
Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda...
WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TÜRKMEN-MEKSIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi we oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda energetika, söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, bilim, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Halkara düzümleriniň,...