Tapylan netije sany: 8961
BRÝUSSELDE TÜRKMENISTAN – ÝB BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Brýusselde Türkmenistan–Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşky gurşawy goramak, Bilim, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri girdi....
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/140181TÜRKMENISTANYŇ WATIKANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Keramatly Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Watikandaky täze bellenen Ilçisi Wepa Hajiýewiň ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Dabara Papa Fransiskiň ýüzlenmesinden başlanyp, onda ählumumy wehimleri ýeňip geçmekde diplomatiýanyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Rim Papasy Watikanyň «oňyn bitaraplyk» ýörelgesine ygrarlylygyny aýratyn belledi hem-de meseleleri çözmekde umydy we döredijilikli çemeleşmäni elden bermezlige çagyrdy.
Rim Papasy bilen gysga s...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN «MERKEZI AZIÝADA ÝADRO ÝARAGYNDAN AZAT ZOLAK HAKYNDAKY ŞERTNAMA» ATLY KARARNAMA KABUL EDILDI
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 43-nji umumy mejlisinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama kabul edildi.
Kararnamanyň taslamasyny hödürlän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa taslamany goldaýandyklary üçin BMG-ä agza ýurtlara minnetdarlygyny bildirdi we Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şer...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTAN – BMG» STRATEGIK MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekr...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MALTA RESPUBLIKASYNDA GEÇIRILEN ÝHHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 31-nji mejlisine gatnaşdy.
Bu möhüm çäre her ýylda ÝHHG-a agza bolan 57 sany ýurdyň wekillerini jemleýär we şu ýyl duşuşyga 30-dan gowrak döwletiň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iki günüň dow...
TÜRKMENISTANDA OMAN SOLTANLYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak işin...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ “HAKYDA GÖWHERI” ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryn...
TÜRKMENISTAN ÝADRO ÝARAGYNDAN AZAT ZOLAKLARYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK BOÝUNÇA ÝUBILEÝ MASLAHATY GEÇIRDI
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gatnaşyjy döwletleriň «Bar bolan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek» atly maslahaty geçirildi.
Duşuşyk Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlandy.
Türkmenistan bu maslahaty özüniň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamada başlyklyk etme...
HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETINIŇ MERKEZI AZIÝADAKY SEBITLEÝIN WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da, Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi.
Ha...