Tapylan netije sany: 8961
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA
2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda depginli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ministriň orunbasary we Ermenistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili ýurtlaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptarap...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde Malaýziýanyň Hökümet binasynda — Perdana Putrada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow...
TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASYNYŇ IŞGÄRLERI ÜÇIN ÝAŞAÝYŞ JAÝYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Täze ýylyň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Özbegistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ministrlikleriniň, jemgyýetçili...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE 2025-NJI ÝYLDA DIPLOMATIK GULLUGYŇ ESASY WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen ýylyň deslapky netijelerini gözden geçirdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň...
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ITALÝAN DILINDE NEŞIR EDILEN GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2024-nji ýylyň 30-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri Prezident Serdar Berd...
TÜRKMENISTANDA ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA 2025 – 2029-NJY ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASY KABUL EDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistan adam söwdasyna iň ýiti we wajyp ählumumy meseleleriň biri hökmünde garaýar. Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmek we adam hukuklaryny goramak hem-de ilerletmek boýunça halkara tagallalaryna täsirli goşant goşmagy dowam etdirmäge ygrarly.
Türkmenistanda adam söwdasyna garşy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHB...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýrat...
SAUD ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ BAŞ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Taraplar saud maýasynyň gatnaşmagyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa çeş...