Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ BAŞ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNY KABUL ETDI
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň ýurtlarymyz...
HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP MESELELERI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini bellediler.
Şunlukda, Türkm...
«ARKADAGLY ÝAŞLAR» ŽURNALYNYŇ 2024-NJI ÝYLDAKY JEMLEÝJI SANY OKYJYLARA ÝETIRILDI
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2024-nji ýyldaky soňky sany okyjylara ýetirildi. Täsirli çykyşlar täze sany şanly ýylyň mynasyp jemlemesine öwürdi.
Iki ýaşyny dolduran, iki ýylda 24 gezek okyjylar köpçüligi bilen duşuşan neşiriň täze sany «Hakyda göwheri» ― Arkadagly ýaşlaryň watançylyk mekdebi» atly makala bilen açylýar. Makala Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyna mynasyp seslenm...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝB-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM MESELELERINE GARALDY
2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda...
AŞGABATDA «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY: TÜRKMENISTANYŇ HALKARA JEMGYÝETÇILIGI BILEN HYZMATDAŞLYGY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň w...
TÜRKMENISTANYŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ DOWAMYNDAKY IŞLERINIŇ WE ONUŇ ILERI TUTÝAN UGURLARYNYŇ KONSEPSIÝASY
Soňky ýyllarda bolup geçen tendensiýalar we wakalar halkara we döwletara gatnaşyklarynda çynlakaý üýtgeşmelere, ählumumy we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegine hem-de ýer togalagynyň dürli künjeklerinde dawa-jenjelleriň ýüze çykmagyna şaýatlyk edýär.
Bu hadysalaryň sebäpleri we netijeleri dürli-dürli bolup durýar, ýöne halkara syýasatynyň häzirki ýagdaýyny kesgitleýän häsiýet dünýäniň gurluşynyň şu ýa-da beýleki görnüşiniň dogrudygy baradaky garaýyşlarda we düşünjelerde ynanyşmak ýagdaý...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI WE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÄHMIÝETINI BELLEDILER
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretary bilen geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçiren duşuşygyny ýakymly duý...
TÜRKMENISTAN WE ITALIÝA KÖPTARAPLY GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMÄGE YGRARLY
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary we iň ý...
TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýnsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berk hukuk binýadyna daýanmak bilen, yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini bellediler.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, şol sanda...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN GÜN TERTIBINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol bir wagtyň özünde, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary halka...