TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARYNYŇ DYKGATYNA!

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy Ukrainanyň çäginde dowam edýän harby ýagdaý, şeýle hem tutuş ýurduň çäginde raketa hüjümleriniň abanýan howpy sebäpli häzirki wagtda Ukrainanyň çäginde bolan ýa-da daşary ýurtlardan Ukraina gelmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlaryna ýüzlenýär!

Raýatlaryň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Ilçihana Türkmenistanyň raýatlarynyň Ukrainanyň çäginden goňşy ýurtlaryň üsti bilen gitmekleriniň, şeýle hem harby ýagdaý ýatyrylýança Ukraina gelmekden saklanmaklarynyň zerurdygyny nygtaýar.

Ukrainanyň goňşy döwletleriniň üsti bilen Türkmenistan ugry boýunça gatnaýan uçuşlar baradaky maglumatlary almak üçin Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň bellenen belgilerine +38044 279-34-49, +38044 279-35-24 jaň edip, ýa-da ilçihananyň e-mail: embassy@ambturkm.org.ua salgysyna ýazyp bilersiňiz.