img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

NIDERLANDLARDA AHALTEKE ATÇYLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA SERGI-ÝARMARKASY GEÇIRILDI

photo

Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde halkara atçylyk boýunça dünýä çempionatynyň we Ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň çäklerinde türkmen atçylyk sungatyna, däp bolan medeniýete we halk döredijiligine, şeýle hem Ýewropada atçylyk pudagynyň ösüş taryhyna bagyşlanan sergi-ýarmarkasy geçirildi. 4-nji sentýabrda açylan sergi “Pilbergen” atçylyk toplumynyň “Maya Delorez” meýdançasynda guraldy.

Sergide myhmanlara atçylyk dünýäsi bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berildi. Şeýle hem atçylyk egin-eşikleri, eýerler we beýleki esbaplar, çapyp barýan atlaryň şekilleri, ussatlyk bilen çekilen suratlar we halylar görkezildi.

Ýarmarkada türkmen guramalary hem öz pawilýonlaryny açdylar. Olaryň hatarynda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi we beýleki guramalar bar.

5-nji sentýabrda geçirilen Ahalteke atçylygy boýunça halkara assosiasiýasynyň açyk konferensiýasy tamamlanandan soň, Ýewropa Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltwreden gatnaşyjylary we myhmanlary sergi-ýarmarka bilen tanyşmaga çagyrdy hem-de olara çärä gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Sergä beýleki myhmanlar bilen birlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem baryp gördi.