TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ HALK WEKILLERINIŇ ÄHLIHYTAÝ ÝYGNAGYNYŇ HEMIŞELIK KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minszin ýolbaşçylygyndaky HHR-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan toplumlaýyn çemeleşme barada bellediler.
Iki döwletiň baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýeti, şeýle hem hökümetleriň “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (2021-2025-nji ýyllar üçin)” çäginde özara gatnaşyklary aýratyn nygtaldy.
Taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky partiýa we parlamentara gatnaşyklaryň möhümdigine ünsi çekdiler.
Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, medeniýetiň, bilimiň we sportuň ýokary derejesi bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmegiň möhümdigini ýene bir gezek tassykladylar.