img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Taryh, miras, häzirki ösüş: Ukrainadaky türkmen ýaşlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk dönümine bagyşlanan medeni çäräni geçirdi

photo

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainadaky türkmen ýaşlary, talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri bilen bilelikde “Türkmenistan: taryh, miras, häzirki ösüş” atly ýörite medeni onlaýn çäräni geçirdi.

Çäräniň esasy maksady häzirki wagtda Watandan uzakda ýaşaýan, emma onuň bilen berk ruhy baglanyşygyny saklap gelýän ýaş watandaşlaryň gözi bilen Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we häzirki durmuşy barada gürrüň bermekden ybarat boldy. Gatnaşyjylaryň her biri Türkmenistanyň taryhynyň, medeniýetiniň we häzirki durmuşynyň özünde aýratyn buýsanç döredýän hem-de ýurduň baş döwlet baýramynyň bellenilýän günlerinde ukrain we halkara jemgyýetçiligine ýetirmek isleýän bir ugruny beýan etdi.

Çäräniň esasy mowzugy taryhyň, milli mirasyň we häzirki zamanyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy açyp görkezmekden ybarat boldy. Hut şu utgaşyk arkaly gatnaşyjylar köp asyrlyk taryha we baý medeni däplere eýe bolan, ata-babalaryndan miras galan gymmatlyklary aýawly saklamak bilen bir hatarda döredijilik we ösüş ýolunda ynamly öňe barýan häzirki Türkmenistany görkezmäge çalyşdylar.

Çärede Türkmenistanyň iň meşhur nyşanlarynyň biri bolan Ahalteke bedewine aýratyn orun berildi. Onuň gözelligi, asyllylygy, çydamlylygy we çalasynlygy asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň aýratyn buýsanjynyň gözbaşy bolup gelýär. Bu mowzuk 2026-njy ýylyň şygary – “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” bilen baglanyşykda hem aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Çäräniň beýleki gatnaşyjylary türkmen halyçylyk sungatynyň we milli keşdeçilik sungatynyň özboluşlylygy, meşhur haly gölleri we nagyşlary barada; türkmen topragynyň köp asyrlyk taryhynyň gymmatly ýadygärlikleri bolan gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýa döwletiniň Nusaý galalary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem milli däp-dessurlara we myhmansöýerlige, türkmen milli tagamlaryna, meşhur türkmen gawunyna, aýdym-saz sungatyna we küştdepdi tansyna, şeýle-de Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn üns berildi. Çäre häzirki zaman ak mermerli paýtagt, iri medeni merkez hem-de möhüm forumlaryň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilýän halkara meýdançasy bolan Aşgabat şäheri baradaky çykyş bilen jemledi.

Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň köpdürlüliginiň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändigi aýratyn nygtaldy. Munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hökmünde onuň özboluşly taryhy-medeni gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizilendigi görkezildi.

Çäräniň gatnaşyjylary dürli mowzuklary bir bitewi taslamada birleşdirmek bilen, Türkmenistanyň köp asyrlyk taryhynyň we baý milli mirasynyň häzirki zaman ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, özboluşly taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak bilen bir hatarda yzygiderli ösýän, giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan hem-de parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän ýurdumyz baradaky pikirleri ýetirmäge çalyşdylar.