TÜRKMENISTAN WE TÜRKSOÝ KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGI MAKSAT EDINÝÄRLER
2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň medeniýet boýunça halkara guramasyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň gün-tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we geljegi uly bolan ugurlar kesgitlenildi.
Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli gural hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.
S.Raýew 2023-nji ýylda Türki döwletleriň medeniýet boýunça halkara guramasyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilip geçendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türki dilleri düzümleriň çäklerinde türki halklaryň medeniýetiniň wagyz edilmeginde ulgamlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy we şunda geçen ýyllarda TÜRKSOÝ guramasynyň türki dünýäsiniň döwletleriniň arasynda özara medeni baglanyşygy berkitmekde itergi beriji güýje öwrülendigi bellenildi.
Guramanyň ýolbaşçysy 2024-nji ýylyň Türkmenistan üçin türki dünýäsinde ähmiýetli ýyl boljadygyny, munuň şeýle bolmagyna 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ guramasynda Gündogaryň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Türki dünýäsiniň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýyly” we Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmeginiň täsir edendigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda taraplar Türkmenistanda we TÜRKSOÝ guramasynyň ähli agza döwletlerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň toplumy barada we olaryň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türki dünýäsiniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek, Änew şäheriniň medeni ähmiýetini dürli halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, TÜRKSOÝ-da, BMG-de, ÝUNESKO-da we beýleki düzümlerde açyp görkezmek boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.
TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretaryna ýolbaşçylyk edýän düzüminiň çäklerinde 2024-nji ýylda ýurdumyza degişli ähmiýetli işleri alyp barmakda edýän döredijilikli işi üçin minnetdarlyk bildirildi.