TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar “2023-nji ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna” laýyklykda ozal geçirilen çäreleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlediler.
Duşuşygyň ahyrynda HZG-niň Sebitleýin direktory B.Andres türkmen tarapynyň Guramanyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmäge ygrarlylygyny goldady.