TÜRKMENISTANYŇ KIÝEWDÄKI ILÇIHANASYNDA UKRAINANYŇ DÖWLET SÖWDA WE YKDYSADY UNIWERSITETINIŇ “YKDYSADY DIPLOMATIÝA” HÜNÄRI BOÝUNÇA BILIM ALÝAN TALYP ÝAŞLAR BILEN DUŞUŞYK BARADA

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň Döwlet söwda we ykdysady uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Olar ykdysady diplomatiýa boýunça geljekki hünärmenler.

Halkara Söwda Palatasynyň Ukraina Milli Komiteti (ICC Ukraina) bilen bilelikde guralan çärede, Türkmenistanyň daşary syýasaty we ykdysady ösüşi, ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we telekeçileriň arasyndaky geljegi uly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi T.Ataýew, sebitleýin we dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmegiň umumy çygrynda milli bähbitleri goramagyň täsirli mehanizmi hökmünde “ykdysady diplomatiýa” diýen gyzykly hünäri saýlan talyplary gutlady.

T.Ataýew, ösýän ykdysadyýeti we senagaty bolan Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän Türkmenistan barada umumy maglumatlar bilen talyplary tanyşdyrdy, esasy milli baýramçylyklar, Bitaraplyk derejesini almagyň taryhy, hemişelik bitaraplyga esaslanýan “türkmen ykdysadyýetiniň modeline” maýadarlary çekmegiň ýollarynyň guralydygyna talyplaryň ünsüni çekdi.

Türkmen Ilçisi ýurduň ösüşi we ykdysadyýeti, ýangyç we energiýa toplumy, ulag, jemgyýetçilik, halkara syýasaty we beýleki ugurlardaky üstünlikleri barada, şeýle hem BMG, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk barada durup geçdi. Durnukly ösüşiň maksatlary barada aýdyp, Ilçi talyp ýaşlaryň ünsüni, demografiki, ylmy, önümçilik we çeşme potensialyna eýe bolan geçiş ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň dünýäde täsiriniň artmagy tendensiýasyna gönükdirdi, munuň netijesinde beýleki faktorlar bilen birlikde dünýä ykdysadyýetinde öňdebaryjy, syýasy, jemgyýetçilik we ynsanperwer ösüşi üpjün edijiler hökmünde uly rol oýnaýandyklary bellenildi. Geçiş ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň global proseslere täsiriniň artmagy barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäginde eden çykyşynda jikme-jik beýan edilendigi nygtaldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugrundaky tagallalary we başlangyçlary, hususan-da Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň Dubaý şäherinde geçirilen 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy barada aýdyldy.

Ilçi T.Ataýew Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna ünsi çekdi we söwda dolanyşygynyň derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny we dürli önümlere bolan islegiň ýylsaýyn artýandygyny aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň medeni ulgamynyň şu ýyl has möhümdigi bellenildi. Sebäbi Türkmenistanda we onuň daşynda, şol sanda Ukrainada görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Duşuşyga gatnaşyjylara görkezilen surat sergisi bolsa, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, medeniýetine, binagärlik we taryhy ýadygärliklerine bagyşlanyp, gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Çärä sorag-jogap görnüşinde dowam etdi. Talyplar we olaryň ýolbaşçylary daşary syýasat, ykdysadyýet, döwletiň ösüşi, sport diplomatiýasy, döwletde diniň orny bilen gyzyklandylar we Ukraina bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada soradylar.