TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşiklerde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlygy we ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2019-2024-nji ýyllar boýunça ýurtlar strategiýasynda görkezilen ulag-logistika, maglumat tehnologiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi we milli eksporta gönükdirilen kompaniýalary goldamak boýunça meseleleriň toplumyna seretdiler.

M.Bouman hyzmatdaşlygyň ýola goýulan döwründen bäri hususy pudagy ösdürmekde, döwlet we hususy edaralaryň maliýe binýadyny berkitmekde hem-de sebitdäki ulag aragatnaşygyny pugtalandyrmakda köp işleriň amala aşyrylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak üçin göni daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardygy beýan edildi.