GERMANIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Bierhof bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we olaryň mundan beýläkki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa-Germaniýa” ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirmegiň wajyplygy bellenildi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini bellemek bilen, bu ugurda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german toparynyň, bilelikdäki işewürlik forumlarynyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uly ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň bilen birlikde, medeni –ynsanperwerlik gatnaşyklaryna aýratyn üns çekildi. Hususan-da, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim pudagynda, hususan-da, ýurdumyzda nemes dilini öwrenilmegi boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçisine türkmen-nemes gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Germaniýanyň ilçisi hem öz gezeginde Türkmenistanda diplomatik işiniň durmuşa geçirilmegine goldaw berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.