TÜRKMENISTAN TÜRKI DÖWLETLERINIŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ BIRLEŞIGINIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILDI

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi.

Netijede Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.

2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşigi Türki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Birleşigiň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agza hökmünde girýärler. Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa gurama synçy hökmünde gatnaşýarlar.