KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANADA GEÇIRILEN SURAT SERGISINDE GÖRKEZILEN TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENIÝETI WE DÄP-DESSURLARY

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 4-15-nji marty aralygynda Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna bagyşlanan surat sergisi geçirildi. Kitaphana gelýänleriň guralan bu surat sergä bolan garaýyşlary kitaphananyň “Facebook” we “Instagram” sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda beýän edilýär.

Kitaphananyň habar bermegine görä, oňa gelýän okyjylar, ulular we çagalar Türkmenistanyň gadymy we häzirki zaman şäherleriniň keşplerini, türkmen medeniýetiniň köpdürlüligini uly gyzyklanma bilen öwrenýärler .

Bu surat sergisi Kiýew şäheriniň Swýatowinskiý raýonynyň Les Kurbasyň adyny göterýän 206-njy we Wýaçeslaw Çernowolyň adyny göterýän 235-nji orta mekdepleriniň okuwçylaryny hem özüne çekdi. Şeýle hem mekdep okuwçylaryna türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, kitaplar we sungat eserleri, şaý-sepleri we türkmenleriň milli eşikleri bilen üsti doldurylan Magtymguly muzeýine hem gezelenç etdirildi. Bu medeni we aň bilim çärelerden soň ýaşlaryň görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bolan gyzyklanmalary has-da artdy.

Kitaphananyň ýolbaşçylary ýaş nesliň dünýägaraýyşyny giňeltmäge oňyn täsir edýän türkmen halkynyň gadymy medeniýeti bilen tanyşdyrmagyň möhümdigini bellediler.

Suratlar Magtymguly adyndaky kitaphananyň “Facebook” sahypasyndan alnyp, olaryň rugsady bilen ulanyldy.