TÜRKSOÝ TARAPYNDAN “TÜRKI DÜNÝÄNIŇ MEDENI PAÝTAGTY DIÝLIP” YGLAN EDILEN ÄNEW ŞÄHERI UKRAINANYŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ SAHYPALARYNDA

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Bütinukrain döwürleýin neşir edilýän “Ukraine Business Review” gazetiniň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu gazetiň sahypalarynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gatnaşmagynda taýýarlanan “Änew şäheri – türkmen topragynyň gadymy medeniýetiniň mekany” ady bilen makala ýerleşdirildi.

Mälim bolşy ýaly, Änew şäheri Türki medeniýetiniň halkara guramasy – TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip” yglan edildi. Bu ýylda Türkmenistan we TÜRKSOY gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen baý çäreler meýilnamasyny taýýarladylar.

Makalada ýedi müň ýyldan gowrak taryhy bolan Änew şäheriniň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň medeni we taryhy ähmiýeti nygtalýar. Esasy üns XV asyryň ortalarynda gurlan Seýit Jemaletdin metjidine, Änewiň çäginde gadymy oturymly ýerleriniň yzlary boýunça täsin açyşlar, hem-de bäş müň ýyl diýlip çaklanylýan köp sanly artefaktlar Änew siwilizasiýasynyň gadymy döwürde Merkezi Aziýada iň ösenleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.

Bu ýerde geçirilen ilkinji arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan iň gadymy artefaktlar Änew şäherindäki “Ak Bugdaý” milli muzeýinde saklanýar.