AŞGABATDA HALKARA METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 28-nji martynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň “HEC Montreal” we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň mugallymlary hem bar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, dünýäniň ähli ýurtlary bilen döredijilikli, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Nobatdaky metbugat maslahaty hem halkara meýdançalarda ornuny pugtalandyrýan we maglumatlar giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki tagallalarynda ýene bir möhüm ädim boldy.
Çykyşlarda metbugat maslahatynyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda guralmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigine üns çekildi. Häzirki forum Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegine hem gabat geldi.
Forumdaky çykyşlarda şu günki çäräniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň şöhratly taryhynyň we baý medeni mirasynyň giňden wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýe bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmeginiň möhüm waka bolandygy bellenildi.
Daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew, «TASS» habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman, şeýle hem iri media gulluklarynyň wekilleri hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen bu giň gerimli çäräniň guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de forumyň häzirki wagtda halkara maglumatlar giňişliginde mynasyp orun eýeleýän Türkmenistan üçin möhümdigini bellediler.
Çykyş edenleriň umumy pikirine görä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň şu gezekki duşuşygy bu ulgamda ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak we uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy. Şunuň bilen birlikde, onuň ähli gatnaşyjy döwletler üçin özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini kesgitlemekde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda gün tertibiniň möhüm meseleleri üçin täze çemeleşmeleri işläp düzmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi.
Forumyň işi “Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, “Sanly media we habarlar”, “Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar” atly bölümçelerde dowam etdi.
Dünýäniň maglumatlar giňişliginiň ösüş meýilleri, žurnalistleriň okyjylar, teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler bilen özara gatnaşygynyň täze ugurlarydyr usullary ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Foruma gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlykda eýeleýän orny baradaky garaýyşlaryny we bu ugurda toplan tejribelerini paýlaşdylar.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň syýasy amallarynyň möhüm aýratynlygyna, medeni gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegine öwrülýär, ýurtlaryňdyr halklaryň milli we halkara derejede ösmegine işjeň täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolup, žurnalistleriň jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligi barha artýar.
Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlarynda ýurdumyzda daşary ýurt habar beriş serişdeleri bilen ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça habarlaryň, syn-seljerme materiallarynyň yzygiderli alşylýandygy bellenildi. Hyzmatdaş düzümler — iri habarlar agentlikleri, öňdebaryjy neşirler, teleýaýlymlar bilen bilelikde toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bölümçede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir.
Beýik türkmen şahyrynyň ýubileýiniň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi möhüm wakadyr. Geçen ýylyň 21-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda guramanyň 42-nji sessiýasynyň mejlisiniň barşynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilendigi, şeýle hem maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi bellärliklidir.
Kinematografiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri hem forumyň çäklerinde gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, milli kinematografiýany yzygiderli ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm ähmiýeti barada barýar. Bu işler kino sungatynyň iň gowy däplerini aýawly saklamaga, döredijilik tejribelerini, täzeçil çemeleşmeleri alyşmaga amatly şertleri döreder.
Metbugat maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň netijeli häsiýetini belläp, onuň jemleriniň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wajyp wezipäni ýerine ýetirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.