TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE MHG-NYŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen MHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek meseleleriniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde garalýandygy bellenildi.
Taraplar “Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2023-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň Meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
2024-nji ýyldaky çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Türkmenistannyň Hökümetiniň we MHG-nyň bilelikdäki taslamalaryny ýakyn geljekde durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.
Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda ýurtda raýatlygy bolmadyk adamlary aradan aýyrmak boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda durulup geçildi.
Raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanyny azaltmak we onuň öňüni almak ugrunda Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen baglanyşykly meseleleri milli we halkara derejesinde çözmek baradaky borçnamalaryna wepalydygy mälim edildi.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň MHG-nyň dürli sebitleýin taslamalaryna işjeň gatnaşýandygy we olary milli derejede durmuşa geçirýändigi nygtaldy.