TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÄJIGISTANA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, ruhy, taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşe eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar, şeýle hem soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maý aýynda Täjigistana bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Emomali Rahmon bilen şu gezekki duşuşygy uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.