AWTORYŇ HUT ÖZÜNIŇ TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGY BARADAKY KITAPLARYNYŇ KIÝEW ŞÄHERINDÄKI ADYBIR KITAPHANADA TANYŞDYRYŞ ÇÄRESI
2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijilik mirasyna bagyşlanan B.Grinçenko adyndaky Kiýew uniwersitetiniň professory Nikolaý Waskiwiň awtorlyk kitaplarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Bä medeni we aň-bilim çäresi şahyryň adyny göterýän kitaphanada şahyrana sözüň we filosofiki pikirleriň ussady Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi diýseň ähmiýetlidir.
Kitaplaryň awtory bilen geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň wekilleri, türkmen talyp ýaşlary, Kitaphananyň işgärleri, Kiýew şäherindäki W.Çernowol adyndaky umumy bilim berýän 235-nji orta mekdebiň
8-10-njy synp okuwçylary gatnaşdylar.
Nikolaý Waskiw eýýäm ençeme ýyl bäri ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerini, şeýle hem türkmen edebiýatyny, medeniýetini we türkmen-ukrain medeni gatnaşyklaryny Ukrainada we daşary ýurtlarda öwrenýär we giňden wagyz edýär. Awtoryň makalalary Türkmenistanyň, Ukrainanyň, Polşanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ylmy žurnallarynda we ýygyndylarynda çap edilýär.
Awtor kitaphanada ilkinji gezek 2019-njy ýylda Ukrainada neşir edilen “Magtymguly Pyragy: edebi portret” we ukrain dilindäki goşgular ýygyndysy bolan “Magtymguly Pyragy. Hemme zada seret, hemme zada düşün...” kitaplaryny çärä gatnaşyjylara tanyşdyrdy.
Awtor görnükli türkmen şahyry, filosofy Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bu kitaplara okyjylar tarapyndan islegiň artýandygyny aýtdy. Umuman aýdanyňda, şu ýyl bütin dünýä edebiýat we poeziýa muşdaklarynyň ünsi ýubileý ýylynda halka çyn ýürekden söýgi, öwüt-ündew we watançylyk we liriki äheňler bilen doldurylan türkmen akyldaryna we onuň şygyrýetine gönükdirilýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi we TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türk dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan edilmegi hem bellärliklidir.
Şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan “Magtymguly Pyragy: edebi portret” monografiýasy awtoryň ylmy eserleriniň arasynda aýratyn orun tutýar. Şahyryň ömri baradaky hakykatlary dürli rowaýatlaryň üsti bilen açyp görkezýär, şygyrlarynyň baýlygy we özboluşlylygy, eserleriň kämillik derejesi, döredijilik mirasynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary barada gürrüň berýär. Bu kitapda Magtymgulynyň poeziýasynyň Ukrainadaky terjimeleriniň neşirlerini, görnükli türkmen şahyrynyň keşbine bagyşlanan ukrain ýazyjylarynyň eserlerini, şeýle hem şahyry öwrenijileriň eserlerinde döredijilik gözleglerini yzygiderli häsiýetlendirilýär.
Ikinji neşir “Magtymguly Pyragy. Hemme zada seret, hemme zada düşün...” atly ukrain diline terjime edilen goşgular ýygyndysy bolup durýar. N.Waskiw Magtymgulynyň XIX asyr we döwürdeşlerimiz bolan meşhur ukrain şahyrlary, ýazyjylary we terjimeçileri tarapyndan terjime edilen goşgularynyň jemlenmesidigini we kitabyň sözbaşysynda Magtymgulyny ukrain jemgyýetçiligine giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça olaryň bitiren hyzmatlary barada gürrüň berilýär. Şeýle hem giriş sözünde awtor Magtymgulynyň türkmen edebiýatynyň altyn döwrüniň başlanmagyna goşant goşan şahyryň milli we dünýä derejesindäki orny barada gürrüň berýär. Awtor şahyryň ajaýyp goşgy düzüş formasyny we ählihalk meşhurlygyny seljerip, ukrain zehinleri we ussatlary T.Şewçenkonyň we G.Skoworodanyň eserleri bilen deňeşdirýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar awtoryň çykyşyny üns bilen diňläp, görnükli türkmen şahyry hakda kitap ýazmaga iteren duýgular barada gyzyklandylar. Ol görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň täsin mirasyny has giňişleýin öwrenmek üçin özüniň ylmy tejribeleri, dünýäniň dürli künjeklerine edilen syýahatlar baradaky hekaýalary bilen paýlaşdy.
Çäräniň dowamynda däp bolşy ýaly Magtymguly Pyragynyň türkmen we ukrain dillerindäki goşgulary labyzly okaldy.