TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHTYNYŇ BAŞLYGY TÄJIGISTANYŇ OLI MAJLISINIŇ MILLI MAJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
Duşenbe şäherinde resmi sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahtynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň başlygy Rustami Emomali bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryna ynanyşmak we özara düşünişmek häsiýetiniň mahsusdygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi biziň ýurtlarymyza geljek üçin türkmen-täjik gatnaşyklaryny ynamly guramaga, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwda-da, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda uzak möhletli meýilnamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň kanunçykaryjy edaralary iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde durnukly parlamentara dialogy ýola goýuldy, pikir alyşmalaryň netijeli gurallary işläp başlady. Söhbetdeşler şunda iki döwletde döredilen parlament dostluk toparlarynyň uly ornuna ünsi çekip, olaryň işine ýokary baha berdiler hem-de bu düzümleriň doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm we netijeli guraly bolup durýandygyny nygtadylar.