TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA «TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASYNY ÖSDÜRMEK BABATYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi.

Çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekilleri, jemgyýetçilik we syýasy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ulag we kommunikasiýalar boýunça agentlikleriň hünärmenleri çykyş etdiler, şeýle-de BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Bellenilşi ýaly, «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirli zaman ýöriteleşdirilen infrastrukturany döretmek, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornuny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly strategik ugurlar göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan, 2024-nji ýylyň 15-19-njy apreli aralygynda Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ähmiýeti beýan edildi.

Ýurdumyzyň ulag boýunça 10-dan gowrak halkara konwensiýalaryna gatnaşýandygyny, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek başlangyjyny öňe sürendigini nygtamak bilen, çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul edendigini nygtadylar.

Maslahat öz işini «Durnukly ulag ulgamy - söwda-ykdysady gatnaşyklaryň daýanjydyr» atly tema boýunça tegelek-stol görnüşinde dowam etdi.