TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY UKRAINANYŇ BIORESURSLAR WE TEBIGATDAN PEÝDALANMAK BOÝUNÇA MILLI UNIWERSITETINE WE UNIWERSITETIŇ ÇÄGINDÄKI ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNA BARYP GÖRDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Şu gün, 2024-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew we Ilçihananyň diplomatik işgärleri Kiýew şäherindäki Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça Milli uniwersitetine baryp gördüler.

Diplomatlar uniwersitetiň rektory we wekilleri bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda oba hojalyk ugurlarda, şol sanda atçylyk ugurda tejribeli hünärmenleri taýýarlamakda özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu ýokary okuw jaýy bilen Türkmenistanda ilkinji halkara akademiýasy bolan Aba Annaýewiň adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçi T.Ataýew uniwersitetiň ýolbaşçylaryny ýakynda Türkmenistanda bellenilen Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler barada habar berdi. Bu we beýleki ugurdaş çäreleriň şu ýyl ýurdumyzda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen ýylynda geçirilýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmekde taýsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän türkmen atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny, Türkmenistanda meşhur ahalteke tohumyny gorap saklamak we kämilleşdirmek boýunça häzirki zaman çemeleşmeler barada gürrüň berdi. Milli atçylyk sportunyň gazananlary, zehinli atçy-seleksioner Aba Annaýewiň adyny göterýän we 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde gurlan Halkara atçylyk akademiýasy we onuň çägindäki atçylyk pudagy boýunça ylmy-önümçilik merkezi barada hem gürrüň berildi.

Öz gezeginde Uniwersitetiň rektory Stanislaw Nikolaýenko, Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň okuw ugurlary, uniwersitetiň tehniki we maddy binýady barada gürrüň berip, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi. Uniwersitetiň Ukrainanyň öňdebaryjy bilim we ylym ýokary okuw jaýlarynyň biri hökmünde we adyndan belli bolşy ýaly, atçylyk, seýisçilik we atçylyk sporty ýaly ugurlar boýunça giň möçberli ylmy-bilim we barlag işlerini alyp barýar. Bu ugurlar boýunça hünärmenleri tejribe taýdan taýýarlamak maksady bilen, uniwersitetde Atçylyk Federasiýasynyň agzasy we ukrain atçylyk sporty boýunça 2-nji derejeli emin Anželika Dedkowskaýanyň ýolbaşçylygyndaky atlaryň sanyny köpeltmek boýunça ylym-bilim önümçilik laboratoriýasy hereket edýär.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleriniň uniwersitetiň çägindäki atçylyk sport toplumyna – at münmek, seýislemek, ýaryşlara türgenleşmek we päsgelçilikleri ýeňip geçmek ýaly sapaklaryň geçirilýän ýerine gezelenji guraldy. Diplomatlara atlaryň dürli tohumlarynyň we ponileriň görkezilişi geçirildi. Athanada arap, arassa ganly we ukrain atlar, tory, latwiýa, ýutland we şetland poni ýaly tohum atlaryň görnüşleri saklanylýar. Atlary ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy-barlag we önümçilik barlaghanasynyň ýolbaşçysy, laboratoriýada işleriň guralşy, şetlend ponileriniň seçgisi (seleksiýasy), bu laboratoriýada olary köpeltmegiň mümkinçilikleri baradaky tejribesi bilen paýlaşdy.

Soňra uniwersitetiň bal aryçylyk pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlaýan we onuň çäginde ýerleşýän aryçylyk boýunça Goloseýewskiý ylmy-barlag we önümçilik barlaghanasynyň çägine gezelenç guraldy.