UKRAINADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TERJIMELERINIŇ DOLY ÝYGYNDYSY NEŞIR EDILDI

2024-nji ýylyň maý aýynda Ukrainada “Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ. 300 лет со дня рождения ” şahyrana ady bilen gündogaryň görnükli klassigi, türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli edebi we çeper neşir çapdan çykdy.

Neşiriň özboluşly aýratynlygy hem, häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolmagyndadyr. Neşiriň awtory we düzüjisi, Kiýew şäherindäki Boris Grinçenko adyndaky Uniwersitetiniň žunalistika institutynyň žurnalistika we metbugat kafedrasynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiwdir. Täze neşir awtoryň türkmen şahyrynyň eserine bagyşlanan ilkinji eseri däl. Nikolaý Waskiw köp ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenýär, hem-de diňe bir Ukrainada däl eýsem daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrýar. Türkmen edebiýaty, medeniýeti, türkmen-ukrain medeni gatnaşyklary bolsa onuň yzygiderli gözlegleriň mowzuklary bolup durýar.

“Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ. 300 лет со дня рождения" atly kitap, 323 sahypadan ybarat bolup, onuň başynda “Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi" ady bilen sözbaşy we Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki 204 sany goşgulary ýerleşdirilen.

Kitap Magtymgulynyň “Türkmeniň” goşgusyndan setirler we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şahyryň baý edebi mirasy baradaky sözleri bilen açylýar.

“Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ” atly ukrain dilindäki terjimeleriniň doly ýygyndysynyň sözbaşysynda, awtor okyja Magtymgulynyň eserleriniň haýsy döwürde döredilendigi we durmuş wakalarynyň şöhlelenendigini düşünmäge mümkinçilik berýär. Awtor şahyryň eseri bilen aýrylmaz baglanyşykly durmuş ýoluny jikme-jik suratlandyrýar. Şahyryň zehinini miras alan meşhur şahyr, kakasy Döwletmamet Azadynyň we aýdym ýazyjysy, atasy Magtymguly Ýonaçynyň Pyragynyň şahsyýetiniň kemala gelmegine täsiri barada gürrüň berilýär. Sözbaşyda Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwri suratlandyrylýar, şol döwürdäki wakalar, türkmenleriň kesp-kärleri, bilimi we dini barada taryhy maglumatlar getirilýär. Şeýle hem sözbaşyda Magtymgulynyň döredijiligini ýerli we daşary ýurt alymlary tarapyndan öwrenilendigini we Magtymgulynyň eserlerini dürli ýyllardaky terjimeçileriň işlerine aýratyn üns berilýär. Awtor Magtymgulynyň goşgularynyň terjimeleriniň awtorlary tarapyndan ulanylýan tärleri we stilistik usullary barada hem aýdyp geçýär.

Neşiriň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň XX-nji asyryň we biziň döwrümiziň meşhur ukrain şahyrlary, ýazyjylary, terjimeçileri tarapyndan ukrain diline terjime edilen goşgularyndan ybarat. Olaryň arasynda ukrain şahyry Wladimir Sosýura, ukrain şahyry we terjimeçisi Nikolaý Tereşenko, ukrain ýazyjysy we edebiýatşynas Meçislaw Gasko, ukrain şahyry, proza ​​ýazyjysy we dramaturg Natalýa Zabila, professional terjimeçi Iwan Puçko, aýdymçy we ýazyjy Petr Doroşko, biziň döwürdeşlerimiz bolan, Türkmenistanyň döwlet baýragynyň – “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýeleri Pawel Mowçan we Alekseý Kononenko dagylar bar.

Awtor bir neşirde Magtymgulynyň şygyrlarynyň ukrain edebiýatynyň taryhynda uly işleri bitiren ýazyjylaryň, terjimeçileriň, publisistleriň we öwrenijileriň taýýarlan terjimelerini ýygnamagy başardy.

Ukrain dilindäki terjimeleriň doly ýygyndysy bolan “Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ" kitaby Magtymgulynyň edebi mirasyny we çuňňur pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmekde we ýaýratmakda örän gymmatly goşantdyr. Bu kitap Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler, taryhçylar we filologlar, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary üçin peýdaly boljakdygy ikiuçsuzdyr.