ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.
Baýramçylyk çäresi Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan sergä aýlanyp görmek, şeýle hem dabara gatnaşýan çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bilen başlandy.
Maslahatyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandru Nartea, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowa, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň lukmany Allanur Sarýew dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, çagalaryň konstitusion hukuklaryny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çagalaryň döwlet tarapyndan goraglylygy, olaryň terbiýelenmegi, saglygy, ösüşi, bilim almagy baradaky alada konstitusion kada bolup durýar we oňa laýyklykda, ýurtda çagalaryň esasy hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär we goralýar, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi we bagtly durmuşa mynasyp bolmagy üçin ähli şertler döredilýär.
Maslahata gatnaşanlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durup geçdiler. Bellenilşi ýaly, Gaznanyň köptaraplaýyn işi çylşyrymly lukmançylyk operasiýalaryny maliýeleşdirmekden we hassahanalar üçin ýokary tehnologik enjamlaryny satyn almakdan başlap, internatlara we çagalar öýlerine maddy ýardamy bermäge çenli dürli ugurlary öz içine alýar.
Nygtalyşy ýaly, ÝUNISEF, BMGÖM, BSGG, UNFPA, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi, YHHG we beýleki düzümler bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar we maksatnamalar ählumumy abadançylygyň we ösüşiň ideýaly ýörelgelerine laýyk gelýän netijeli gepleşikleriň miwesi boldy. Bu taslamalar we maksatnamalar döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerini, şol sanda çagalary goramak ugrundaky wezipeleri çözmäge gönükdirilendir we DÖM-ler bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Türkmenistan BMG-niň aýallaryň, eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalaryna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn ösdürmek, maşgala abadançylygyny ýokarlandyrmak, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryny kämilleşdirmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça maksatnamalar we meýilnamalar durmuşa geçirilýär.
Soňra maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we onda ösüp gelýän ýaş nesliň doly derejeli fiziki, intellektual, ruhy, ahlak taýdan ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen çagalar babatyndaky döwlet syýasaty üçin sagbolsun sözleri beýan edildi.