TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YRAK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammet Bahr Al-Ulumyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar.
Şu nukdaýnazardan şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ylym-bilim çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy bellenildi. Diplomatlar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-yrak toparynyň döredilmegi barada pikir alyşdylar.
Halkara we sebit gün tertibiniň möhüm taraplaryna garaldy. Diplomatlar BMG-ny goşmak bilen dürli düzümlerde özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmagyň mehanizmlerini döretmäge gönükdirilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi.