TÜRKMENISTANDA ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebortdan ynanç hatyny kabul etdi.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Lýubomir Frebort Prezident Serdar Berdimuhamedowa Çehiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda doly ygtyýarly wekil Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bu syýasatyň wajyp ugrudyr.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, parlamentleriň derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylan netijeleriň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ýene-de bir gezek ynandyrdy.