ÇEHIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Lýubomir Frebort bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.

M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-çeh gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp geçdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşylanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek, esasan hem bilim we medeniýet pudaklaryndaky özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.