KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANASYNDA «TÜRKMEN SÄHRASYNYŇ MUKAMY» ADY BILEN MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI ESASYNDA ÇEKILEN SURATLARYŇ SERGISI BARADA

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphananyň bilelikde guramaklarynda XVIII asyryň görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda çekilen Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň “Мистецтвознавці” atly mekdepden daşary işjeňlik merkeziniň döredijilik toparynyň ýaş suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň jemlerine bagyşlanan çäre geçirildi.

Türkmen nuswagy edebiýatynyň düýbüni tutujy, akyldar şahyryň döredijiligi dürli ýaşdaky nesiller üçin ylham çeşmesi bolup, olary täze we özboluşly eserleri döretmeklige ruhlandyrýar.

Bu döredijilik çärä gatnaşan 6 ýaşdan 15 ýaş aralygyndaky çagalar Magtymguly Pyragynyň watançylyk, söýgi, tebigat, taryhy we ömri barada ýazan eserlerini kagyz ýüzünde janlandyrmagy başarypdyrlar. Bu ýerde Türkmenistanyň gül-gülzarly meýdanlaryny, daglaryny we derýalaryny, Törebeg Hanymyň mawzoleýini, Ahalteke bedewlerini, şahyryň söýen gyzy Meňli barada çekilen suratlary sergide ýaýbaňlandyrylan. Türkmen topragynyň we tebigatynyň reňkli suratlar bolsa şahyryň watanyna we onuň baý mirasyna bolan çäksiz söýgüsini görkezýär.

Dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň görnükli şahyry Magtymgulynyň döredijiligini we türkmen medeniýetiniň mirasyny wagyz etmekde goşan goşantlary üçin sag bolsun aýdyp, olara degişli hormat hatlary gowşurdylar hem-de döredijilik ýolunda üstünlikleri arzuw etdiler. Ilçihananyň wekilleri döredijilik başlangyçlary we olary durmuşa geçirilmeginde bitirýän hyzmatlary üçin gurnak toparynyň we Magtymguly adyndaky Kitaphanasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdiler.

Şeýle hem, bu çäräniň çäginde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan film görkezildi. Dabaranyň jemleýji bölümi hökmünde ýaş suratkeşlere kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymgulynyň muzeýine gezelenç guraldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýubileý ýylynda bu muzeýiň gaznasy türkmen bezeg önümleri we amaly-haşam sungat eserleriniň täze görnüşleri, dünýäniň dürli dillerinde çäp edilen kitap önümleri bilen dolduryldy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän çäreleriň dowamynda Kiýew şäheriň Swýatoşinskiý etrabynyň “Мистецтвознавці” atly mekdepden daşary işjeňlik merkeziniň döredijilik toparynyň ýaş suratkeşleriniň sergisi 2024-nji ýylyň 3-16-njy iýuny aralygynda dowam eder.