TÜRKMENISTANDA BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Bolgariýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiziň adyna iberen mähirli salamyny ýetirdi we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ruslan Stoýanow parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, ýurdumyzyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Diplomata Mejlisiň düzümi we onuň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Şunda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.

Bilim, ylym, medeniýet ulgamlary boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek meseleleri-de gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat özüne ynanylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek bilen, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.