TÜRKMENISTAN BILEN ÇEHIÝANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGI

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar bolan türkmen-çeh ylalaşyklarynyň üstünde durup geçip, bilelikdäki şertnama-hukuk binýady bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energetika, ulag infrastrukturasy, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çehiýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-spikeri Ýan Bartoşekiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen-çeh ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler parlamentara hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Şeýle hem, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýurtlaryň ygrarlylygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek we bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

Bilelikdäki sergileri, festiwallary we Medeniýet günlerini guramak, şeýle hem döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.