TÜRKMEN SÖWEŞIJISI ÝAGŞYMYRADOW PFL GRAND PRIX-IŇ ÝARYM FINALYNDA AWSTRALIÝALY WILKINSON BILEN DUŞUŞAR

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow PFL Grand Prix-iň ýarym finalynda ýarym agramly derejede indiki ýaryşyny Awstraliýanyň wekili Rob Wilkinsona garşy geçirer.

Beýleki ýarym finalda bolsa söweş Amerikaly söweşijiler Impa Kasanganaý bilen Joş Silweýranyň arasynda bolar.

D.Ýagşymyradow şu ýylyň 22-nji iýunynda PFL 5 ýaryşynda Kamerunly Simon Biýong bilen bäsleşigi geçirdi. Geçirilen bu bäsleşikde Döwletjan eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiji boldy. Häzir onuň hasabynda 23 ýeňiş, ýedi ýeňliş we bir deňlik bar.

Rob Wilkinson soňky söweşini şol bir PFL 5 ýaryşynda Joş Silweýra bilen geçirdi, hem-de eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen Joş ýeňlişe sezewar boldy.