27-NJI IÝUNDA MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ GÜNI HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRÝET GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝMAK DABARASY BARADA

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň milli senenamasynda orun alan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Bu ýyl medeniýet işgärleriň baýramy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýän meşhur türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň ýyl dönümine gabat geldi.

Baýramçylyk dabarasy ýubileý ýylynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň köp sanly wekillerini bir ýere jemledi. Oňa daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Ukrainanyň halk deputatlary, Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, orta we aýdym-saz mekdepleriniň, Türkmenistanda işleýän ukrain kompaniýalaryň, Kiýew şäheriniň kitaphanalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň wekilleri, žurnalistler, türkmen talyp ýaşlary we diaspora wekilleri, hem-de beýleki köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar ilkibaşda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Öz eserlerini Watanyna, onuň bütewiligine we garaşsyzlygyna, adam mertebesine, ýagşylyga, parahatçylyga we adalatlylyga bagyş eden şahyra tagzym edip, hormat goýdular.

Çäräniň ikinji bölümi hökmünde myhmanlar Türkmenistanyň Ilçihanasyna çagyryldylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi T.Ataýew çärede açylyş sözi bilen myhmanlara ýüzlenip, öz çykyşynda halk senetleriniň ussatlarynyň we Türkmenistanyň sungat işgärleriniň ýokary üstünliklerini belläp geçdi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli T.Ataýew çärä gatnaşyjylara Türkmenistanda we daşary ýurtlarda, şol sanda Ukrainada bolup bellenilip geçilýän medeni wakalar barada gürrüň berdi. Ilçi şahyr-akyldaryň durmuşyny we döredijiligini öwrenmek üçin Türkmenistanda geçirilen çäreleriň Ýunesko, TÜRKSOÝ ýaly abraýly halkara guramalarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldaw alandygyny aýtdy.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärede Aşgabat şäherinde medeniýet ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara konferensiýa we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy forum, Aşgabatda Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy konferensiýa barada Ukrainanyň hökümet we halk wekillerine ýetirildi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda geçirilýän işler barada hem-de, şu ýylyň oktýabr aýynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda Döwlet we hökümet ýolbaşçylary derejesinde Sammitiň geçiriljekdigi bellenildi.

Ilçi T.Ataýew Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, hem-de dürli ýurtlaryň meşhur şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleri hem ýerleşdirilen “Magtymguly Pyragy” medeni we seýilgäh toplumynda seýilgähiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan jümleleri aýdyp, bu ýerde heýkelleri oturdylan şahyrlaryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlarynyň döwletleriň dostlugynyň we doganlygynyň ýene bir aýdyň nyşanynyň bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Ilçisi kitaphanalaryň, orta we aýdym-saz mekdepleriniň ýolbaşçylaryna we işgärlerine, Kiýew şäher häkimligine, etrap häkimliklerine we Türkmenistanyň ilçihanasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýänlere minnetdarlyk bildirdi.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ukrain şahyrlary, proza ​​ýazyjylary we Pyragynyň goşgularyny terjime edenler çykyş etdiler. Türkmenistanyň döwlet baýragynyň eýeleri - Magtymguly Pyragy medaly bilen sylaglanan Pawel Mowçan we Alekseý Kononenko Türkmenistanda milli şahyrlara we medeni işgärlere ýokary hormat goýulýandygyny bellediler. Olar Türkmenistan bilen uzak möhletleýin arabaglanyşygyny belläp, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ukrain dilinde nähili dünýä inendigini ýatladylar. Şahyryň beýik mirasy barada birnäçe neşiriň awtory, professor Nikolaý Waskiw Magtymgulynyň ukrain diline terjime edilen goşgularyny okady we Pyragynyň şahyrana eserleriniň bütin dünýäde okyjylara düşnükli we ýakyndygyny hem-de ol diňe bir türkmenleriň milli buýsanjy bolman, ähli adamzadyň mirasydygyny belledi.

Myhmanlar kitaplaryň sergisi, medeniýet temasyndaky suratlar we türkmenleriň milli eşikleriniň nusgalary bilen tanyşdylar.

Ýakynda Türkmenistanda neşir edilen “Magtymguly” kitaby, Magtymgulynyň dürli dillerdäki goşgy ýygyndylary we şahyryň ukrain dilindäki kitaplary, şeýle hem Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar  Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplary bu ýerde görkezildi.

Baýramçylyk dabarasy, dabara gatnaşýanlar üçin milli gurallar bolan dutar we gopuz sazlaryny ýerine ýetirmek bilen dowam edti, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusy türkmen ýaşlary tarapyndan labyzly okaldy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli geçirilen şu günki medeni çäre oňa gatnaşanlar tarapyndan medeniýetiň ösmeginde möhüm ugurdygy barada beýan edildi.