Kiýewde medeni işgärleriň we türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Pyragynyň poeziýasy bilen dünýä göz aýla” atly geçirilen onlaýn şygyr okaýyş marafony barada
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasy tarapyndan “Pyragynyň poeziýasy bilen dünýä göz aýla” atly onlaýn şygyr okaýyş marafony geçirildi. Akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okamak boýunça marafon 27.06.2024 senede Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriň, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güninde başlanyp, 8-nji iýula çenli dowam etdi.
Garaşsyzlyk üçin göreşen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan onlaýn marafona ukrain şahyrlary we edebiýatşynaslary, neşirýatçylary, medeniýet işgärleri we türkmen ýaşlary gatnaşdylar.
Belli ukrain terjimeçisi Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi Alekseý Kononenko ukrain dilinde “Не зразу пізнаємо” atly goşgusyny okady we professor, Pyragynyň döredijiligini öwreniji, magtymgulyşynas Nikolaý Waskiw şahyryň polýak diline terjime edilen “Na ojczyźnie” goşgusyny okady.
Ukrain edebiýatşynasy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent, Ukrainanyň Milli žurnalistler birleşiginiň agzasy Nina Golowçenko, Döwrebap Bilim Uniwersitetiniň dosenti, Ukrainanyň Bilimler Jemgyýetiniň agzasy, Ukrainanyň Milli žurnalistler we ülkeleri öwrenijileriň agzasy Lýubow Dýaçenko-Lysenko hem-de ýazyjy, režisýor Ýaroslawa Karpes dagylar akyldar Magtymgulynyň dürli şahyrlar tarapyndan ukrain diline terjime edilen “Türkmeniň” we beýleki goşgularyny çeper okadylar. Ýene-de, marafona gatnaşan başga bir şahyr we terjimeçi Ýelena O'Lir “Aýal dogan” eserini okady.
Türkmen ýaşlary hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okadylar. Talyp Huseýin Tursunow türkmen dilinde “Ozan geler” goşgusyny we türkmen diasporasynyň wekili Liliana Abdyşukurowa şahyryň ukrain diline terjime edilen “Непоборне” we «Подалі тримайсь» atly şygyrlaryny şahyrana okadylar.
Onlaýn şygyr okaýyş marafony ruhy, ahlak we intellektual poeziýany söýýänleriň, şeýle hem täze diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi we görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerini meşhurlaýan medeni we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre daşary ýurtlarda Pyragynyň şygyrlarynyň ýaýbaňlandyrylmagynyň dowamy boldy.