«MAGTYMGULY PYRAGY» MEDENI-SEÝILGÄH TOPLUMYNDAKY GÖRNÜKLI ŞAHSYÝETLERIŇ HEÝKELLERI: GRIGORIÝ SKOWORODA
Türkmen edebiýatynyň görnükli akyldarynyň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda açylyp ulanylmaga berlen, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň köp gelim-gidimli ýerine öwrülen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde dürli ýurtlaryň hem-de döwürleriň görnükli şahslarynyň heýkelleri ýerleşdirilen. Bu ýerde, halklaryň dostlugyny we adamzadyň medeni mirasynyň bütewiligini alamatlandyrýan meşhur ukrain filosofy-magaryfçysy Grigoriý Skoworodanyň heýkeli hem oturdylan.
Grigoriý Sawwiç Skoworoda (1722-1794) – görnükli ukrain akyldary, filosofy, dini taglymatçysy, şahyry, pedagogy, sazçysy. Ol XVIII asyr – aň-bilim eýýamynyň görnükli akyldarlarynyň biri bolup durýar. G.Skoworoda özüniň ýiti zehini, ensiklopedik bilimleri we ruhy islegleriniň hereketlerine laýyklygy bilen döwürdeşlerini geň galdyrypdyr. Filosof adamlara ahlak ideallaryny görkezipdir we öz-özüňi aňlamak arkaly hakykata düşünmäge kömek edipdir. Halk köpçüligi ony “ukrain Sokraty” diýip atlandyrypdyr.
G.S.Skoworoda 1722-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Poltawa oblastynyň Çornuhi obasynda bir az mülkli kazak maşgalasynda dünýä inipdir. Çagalygyndan içki dünýäsinde jemlenmek meýli, ruhy berkligi we ylym-bilime bolan uly islegi bilen tapawutlanypdyr. Ol adamyň içki dünýäsine ünsi jemlenen, dogruçyllyga we söýgä, ýagşylyga esaslanyp ýaşamaga uýýan hristian ahlak kadalaryna esaslanýan adaty ukrain maşgalasynda we oba ýaşaýjylarynyň arasynda ulalypdyr. Grigoriýiniň terbiýesinde maşgala we öz obasyndaky mekdebi möhüm rol oýnapdyr.
1734-1753-nji ýyllar aralygynda Kiýew-Mogilýan akademiýasynda ynsanperwer ylymlar ugry boýunça bilim alypdyr, ýöne doly okuwyny tamalamandyr. 1742-1744-nji ýyllarda hor aýdymçysy bolup, şol döwür üçin iň ajaýyp aýdym-saz bilimini alypdyr. 1744-nji ýylda Kiýewe gaýdyp gelip, Kiýew-Mogilýan akademiýasynda filosofiýa boýunça okuw dersini dowam etdiripdir. 1745-nji ýylda bolsa ol Wengriýa gidipdir we “Şa köşgi üçin çakyr ýasamak boýunça Tokaý toparynda” işläpdir. G.Skoworoda Ýewropa ýurtlaryny aýlanyp, bilimini artdyrypdyr we halk durmuşy, däp-dessurlary, sungaty we ynançlary bilen gyzyklanypdyr. Bularyň hemmesi soňlugy bilen onuň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.
Daşary ýurtlarda goşmaça bilim alansoň, Ukrainada sapak bermäge girişipdir we bilim ulgamyna täzeçillik pikirleri ornaşdyrmaga başlapdyr. Ynsanperwerlik we aň-bilim ruhunda ylmy ösdürmäge çalyşýan mugallym özüniň zehini, sözleýiş ukyby, daşary ýurt dillerini bilmegi we ýiti akyly bilen meşhurlyk gazanypdyr. G.Skoworoda Harkow kollejinde edebiýaty, sintaksisi we grek dilini okadýan wagtlary, gadymy edebiýat bilen gyzyklanyp başlapdyr. Şol döwürde “Harkowyň basnýalary” atly ýygyndyny ýazyp başlapdyr. Soňlugy bilen, Harkow kollejinde işini taşlap, ömrüniň soňky 25 ýylynda syýahat edipdir we terkidünýälik ýaşaýyş durmuşyny ýöredipdir.
Grigoriý Skoworoda 1794-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Harkow oblastynda Pan-Iwanowka (häzirki Skoworodynowka) obasynda aradan çykypdyr.
G.Skoworodanyň eserleriniň köpüsi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Onuň bütewi garaýyşlary we pelsepewi pikirleri özünde jemleýän döredijilik mirasy – 18 filosofiki eserlerinden, 7 terjimelerinden, “Ylahy aýdymlaryň bagy” ýygyndysyndan, “Harkow basnýalary” ýygyndysyndan, dürli ertekilerinden, tymsallardan, aýdymlardan, goşgulardan, hatlardan ybaratdyr.
Grigoriý Skoworodanyň 300 ýyllyk ýubileýi edil Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýaly 2022-2023-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilendir.
Dürli medeni ugurlara degişlidigine garamazdan, Grigoriý Skoworodanyň we onuň döwürdeşi – görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde birnäçe umumy aýratynlyklaryň bardygy hem bellärliklidir.