img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE HALKARA GATNAŞYKLAR UGRY BOÝUNÇA HORMATLY DOKTOR DEREJESI BERILDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ankaradaky Hajettepe uniwersitetinde halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesi berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammiti tamamlanandan soňra Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Hajettepe uniwersitetinde döwlet Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Mehmet Jahit Güran mähirli garşyladylar.

Dabarada, ilki bilen, uniwersitetiň prorektoryna söz berildi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň Türkmenistanyň Prezidentine halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek baradaky kararyny okady.

Kararda bellenilişi ýaly, halkara gatnaşyklar we ählumumy howpsuzlyk ulgamlarynda çuňňur akademiki taýýarlygy möhüm döwlet wezipesi bilen utgaşdyrýan görnükli döwlet işgäri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa özüniň Prezidentlik döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny BMG derejesinde parahatçylygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň guralyna öwrendigi, Hereketleriň Awaza Maksatnamasy ýaly ählumumy özara baglanyşyk boýunça giň möçberli başlangyçlara, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyna we ösüş konsepsiýasyna üstünlikli ýolbaşçylyk edendigi, Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda, şol sanda emeli aňdan başlap, “akylly” oba hojalygyna we bilelikdäki diplom maksatnamalaryna çenli giň ugurlardaky hyzmatdaşlykda görkezen berk syýasy erki hem-de goldawy üçin uniwersitetiň Senatynyň karary bilen, hormatly doktor derejesi berilýär.

Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidente halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesiniň degişli diplomy gowşuryldy. Dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti uniwersitetiň rektory bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.