TÜRKMENISTANDA GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurduň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň, GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Energetika, ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň, geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýandygyny aýtdy.

Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Nurlan Nogaýew duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.