TÜRKMEN-GAZAK HYZMATDAŞLYGYNYŇ HÄZIRKI ZAMAN MESELELERI TELEFON ARKALY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleuwy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garadylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde esasy şertleriň biri ýokary derejede dostlukly dialogyň bolup durýandygy bellenildi.

Döwlet baştutanlarynyň, iki ýurduň liderleriniň duşuşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar halkara guramalarynyň we köptaraplaýyn gurluşlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.