MAWRIKIÝ RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Janke bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşler türkmen-mawrikiý gün tertibiniň esasy ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gepleşikleri ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.
Halkara guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk babatynda taraplar halkara meýdançalarynda ýurtlaryň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Mawrikiý Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak we ösdürmek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmek teklip edildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy resminamalarynyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, taraplar oba hojalygy, suw serişdelerini dolandyrmak we syýahatçylyk ugurlarynda tejribe alyşmak mümkinçiliklerine garadylar.