TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BARADA
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.
Özbegistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.