MEJLISIŇ BAŞLYGY MAWRIKIÝ RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi.
Mejlisiň Başlygy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen-mawrikiý gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Heswar Janke türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Mawrikiý Respublikasynyň Prezidenti Pritwirajsing Ropunyň hormatly Prezidentimize mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Heswar Janke iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.